Erdogan konsullygyň işgärlerini kabul etdi

“Biz uly synag etabyndan üstünlikli ýagdaýda geçdik. Umydymyzy asla ýitirmedik, uly umyt bilen oňyn netije aldyk”

134020
Erdogan konsullygyň işgärlerini kabul etdi

Prezident R. T. Erdogan YDYD guramasy tarapyndan Yragyň Mosul şäherinde zamun alynandan birnäçe wagt soň boşadylan we Türkiýä getirlen konsullygyň işgärlerini we maşgalalaryny Çankaýa köşgünde kabul etdi.
Prezident Erdogan kabul edilşikde “Biz uly synag etabyndan üstünlikli ýagdaýda geçdik. Umydymyzy asla ýitirmedik, uly umyt bilen oňyn netije aldyk” diýip belledi.
Erdogan “Siziň howpsuzlygyňyzy ýola goýmak esasy wezipämizdi. Şol bir wagtda Türkiýe Respublikasynyň mertebesini goramak biziň üçin diýseň möhümdi. Hyzmatdaşlyk talaplaryna, tekliplerine edil şol pursatda “elbetde goldaw bereris” diýlip bilnerdi. Dünýäniň esasy ýurtlary şol hyzmatdaşlykda ýer alýar, emma biz şol teklibi kabul edip bilmezdik. Çünki biziň 49 janymyz bar”diýip belledi.
Türkiýäniň uly döwlet hökmünde käbir howplary başdan geçirmeginiň we käbir synaglardan geçmeginiň tebigy ýagdaýdygyny aýdan Erdogan, häzir Siriýaly we Yrakly 1 million 300 müň adamyň Türkiýede myhman alynýandygyny ýatlatdy we “Bu milletiň beýikliginiň görkezijisidir” diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar