Erdogan Pan Gi Mun bilen söhbetdeşlik geçirdi

Erdogan Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň gysga wagtda bes edilmegini isledi

126432
Erdogan Pan Gi Mun bilen söhbetdeşlik geçirdi

Premýer ministr Erdogan Gazza üçin çagyryş berdi.
BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Muna telefon eden Premýer ministr R. T. Erdogan Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň gysga wagtda bes edilmegi üçin halkara jemgyýetçiliginiň gyssagly jemlenişmegini isledi.
Telefon söhbetdeşliginde hüjümleriň bes edilmegini islän Erdogan, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda 2012-nji ýylda ot açyşlygyň bes edilmegi meselesinde gazanylan ylalaşygyň ýaňadandan güýje girmelidigini nygtady.
Premýer ministr Erdoganyň Ysraýylyň hökümetiniň milli howpsuzlygyny diňe giň gerimli parahatçylyk arkaly ýola goýup biljekdigine göz ýetirmelidigine aýratyn ünsi çekendigi bellenildi.
Gazany nyşana alýan hüjümler sebäpli häzire çenli köp sanly palestinalynyň ýogalandygyny, ýüzlerçesiniň ýaralanandygyny ýatladan Erdogan, Türkiýe hökmünde gan döküşikli hüjümi ýazgarýandyklaryny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar