Erdogan Mahmud Abbasy gutlady

Erdogan Palestinada jebislik hökümetiniň gurulmagy sebäpli Prezident Mahmud Abbasa telefon edip gutlady

84203
Erdogan Mahmud Abbasy gutlady

Premýer ministr R. T. Erdogan Palestinada jebislik hökümetiniň gurulmagy sebäpli Prezident Mahmud Abbasa telefon edip gutlady.
Premýer ministr Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýe hökmünde palestinalylaryň arasynda milli ylalaşygyň gazanylmagy dogrusynda edilen tagallara başyndan bäri goldaw berendiklerini ýatlatdy.
Jebislik hökümetiniň gurulmagyndan hoşaldygyny aýdan Premýer ministr Erdogan etaba uly goşant goşan Abbasy mähirli gutlady.
Premýer ministr Erdogan Türkiýäniň garaşsyz we özbaşdak döwlete eýe bolmak üçin tutanýerli tutum alyp barýan palestinalylara goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.
Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas hem palestinalylaryň arasynda ylalaşyk gazanylmagyna goşan goşandy sebäpli Premýer ministr Erdogana öz minnetdarlygyny bildirdi


Etiketkalar:

Degişli Habarlar