Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

2139169
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Erdogan: Misotakis bilen konstruktiw gepleşikler geçirdik" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Gresiýanyň premýer ministri Kiriakos Misotakisi paýtagt Ankara şäherinde kabul edendigini habar berýär. Geçirilen gepleşiklerden soň iki lider metbugat ýygnagyna gatnaşdylar. Prezident Erdogan çykyşynda: "Konstruktiw gepleşikler geçirdik. Meseleleri diýalog arkaly çözeris" diýip belledi. Misotakis bolsa öz gezeginde: "Gresiýa Türkiyäniň Ýewropa Bileleşigine agzalygyny goldamaga dowam edýär" diýip nygtady.

Ýeni Şafak gazedi: "Erdogandan Misotakise Hamas bilen bagly jogap" söz başyly habarynda, Gresiýanyň premýer ministri Kiriakos Misotakisiň Hamasy terror guramasy hökmünde yglan eden çykyşyndan soň, söz sözlän prezident Erdoganyň Grek premýer ministriniň gözüniň içine seredip Hamasy gürrüň berendigini beýan edýär. "Hamas terror guramasy däldir. Öz topraklaryny goraýan garşylyk görkeziji guramadyr" diýip aýdan Erdogan, Hamasyň 1 müňden gowrak agzasynyň Türkiyede bejergi alýandygyny mälim etdi. 

Star gazedi: "Tunisli taryhçynyň Erdogan baradaky öwgüli sözleri" söz başyly habarynda, Türk we Osmanly ugurlarynda taryhy derňewler geçirmek bilen öň hatara çykan tunisli taryhçy Prof.Dr. Abdüljelil Temiminiň, prezident Erdoganyň adatdan daşary şahsyýetdigini aýdandygyny belleýär. Temimi: "Erdogan Türkiyäniň we Yslam dünýäsiniň buýsanjy. Adamlar Erdoganyň pikirleriniň we teoriýalarynyň gymmadynyň ululygyny bilselerdi, oňa ynanyp bilmezlerdi" diýip nygtady. 

Haber Türk gazedi: "Türkiyäniň ykdysady programmasyna ynam artýar" söz başyly habarynda, Türkiyäniň ykdysady maksatnamasyna bolan ynam bilen birlikde daşary maliýeleşdirme mümkinçilikleriniň hem artýandygyny aýan edýär. Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşegiň daşary maliýedäki oňyn görkezijiler bilen Türkiyäniň walýuta ätiýaçlarynda gowulaşmanyň dowam etjekdigini habar berdi. 

Sabah gazedi: "Tombik döner dünýäniň iň gowy sendwiçi" söz başyly habarynda, Türk aşhanasynyň dünýäniň iň halanýan tagamlaryny bir ýere jemleýändigini beýan edýär. Dünýä tagamlarynyň sanawyny düzen onlaýn syýahatçylyk ýolbelet saýty Taste Atlas, geçirilen sowalnamanyň netijesinde iň halanýan sendwiçleriň sanawyny düzdi we sanawyň başyna türk tagamy bolan Tombik döner geçdi. Mundan başgada, sanawyň ilkinji 20-sinde Türkiyeden başgada tagamlar bar.


Etiketkalar: #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar