Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2145614
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Fidanyň Gaza hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň düýn beren beýannamasynda Ysraýylyň Rafaha guran hüjümi hakynda: “Ysraýyl mümkin bolan iň agyr, iň elhenç hüjümleri üznüksiz dowam etdirýär. Edýän bu genosidiniň elbetde jezasyz bolmajakdygyna, hem umumy adamzat wyždanynda hem-de halkara hukuk arenasynda degişli çäräniň görüljekdigine ýürekden ynanýarys” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Syýahatçylykda täze rekord” söz başyly habarynda, Stambulyň 2024-nji ýylyň 4 aýynda 5,2 million daşary ýurtly syýahatçyny kabul edip, ähli döwürleriň rekorduny goýandygyny mälim edýär. Stambula aprel aýynda gelenleriň hatarynda 167,824 syýahatçy bilen Russiýa Federasiýasynyň birinji orunda durýandygyna üns çekilýär.

“Watan” gazeti “Türk talyplarynyň Hytaýdaky uly üstünligi” söz başyly habarynda, tehnologiýa firmasy “Huaweiniň” guran “ICT Competition 2023-2024” bäsleşiginiň global finalynyň 26-njy maýda Hytaýyň Şenzen şäherinde guralandygyny mälim edýär. Türk talyplary 2 müňden gowrak okuw jaýyndan 170 müňden gowrak talybyň gatnaşmagyndaky global bäsleşigi uly baýraklar bilen tamamlady.

“Star” gazeti “Türkiýe bilen Täjigistan gol çekişdi” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyryň Türkiýe bilen Täjigistanyň arasynda 4 ylalaşyga gol çekişendiklerini beýan edendigini ýazýar. Ministr Kajyr: “Kesgitlenen pudaklarda täze hyzmatdaşlyklar üçin ylalaşdyk” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Laodikiýada 100 müňden gowrak syýahatça garaşylýar” söz başyly habarynda, Deňizli welaýatynda geçen ýyl ilkinji gezek 100 müň syýahatçyny kabul eden ÝUNESKO-nyň wagtlaýyn miras sanawyna goşulan we müňlerçe ýyllyk tapyndylary bilen ýerli hem-de daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän taryhy Laodikiýa şäherine şu ýyl hem 100 müňden gowrak syýahatçynyň gelmegine garaşylýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar