Gyrgyzstan, ABŞ-nyň Içerki Işlerine Goşulmazlygyny Isledi

Japarow, "Sizden ýurdumyzyň içerki işlerine goşulyşmazlygyňyzy isleýärin”diýdi.

2101225
Gyrgyzstan, ABŞ-nyň Içerki Işlerine Goşulmazlygyny Isledi

Gyrygyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, ABŞ-dan ýurdunyň içerki işlerine goşulyşmazlygyny isledi.

Gyrygyzstanyň Prezident Diwanynyň metbugat sekretary Askat Alagozow, sosial mediadan beren habarnamasynda, Prezident Japarowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkene ýazan hatyna beren jogaby hakynda maglumat berdi.

Japarow, Blinkene ýazan hatynda “Hatyňyzy döwletimiziň içerki işlerine goşulyşmak hökmünde görýäris we muňa gynanç bildirýändigimizi nygtamak isleýärin. Sizden ýurdumyzyň içerki işlerine goşulyşmazlygyňyzy isleýärin”diýdi.

Japarow hatynda, parlamentde seljerilýän Jemgyýetçilik guramalary kanunyna üýtgetme girizilmegi baradaky kanun taslamasy we daşary ýurt merkezli Jemgyýetçilik guramalary hakyndaky garaýşyny hem beýan etdi.

Japarow, ady agzalýan kanun taslamasy bilen döwletiň öz statusyna gelişýän ýagdaýda, daşary ýurt merkezli girdeji edinmek maksady bolmadyk Jemgyýetçilik guramalaryna pulyň nireden gelýändigine, kim tarapyndan we nähili ýagdaýda sarp edilýändigine gözegçilik edilmeginiň maksat edinilýändigini belledi.

Ýurdunyň ABŞ bilen birlikde ähli ýurtlar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny nygtan Prezident Japarow, hatynda Blinkene, “Gyrgyzstanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň Gyrgyz Respublikasynyň Konstitutsiýasyna we kanunlaryna laýyklykda goralýandygyny görmegiňiz üçin sizi ýurduma çagyrýaryn” diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, Japarowa ýazdan hatynda, döwletiň Jemgyýetçilik guramalary baradaky täze kanun taslamasyna alada bildiripdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar