Gollandiýanyň Premýer-ministri Gazagystanda Saparda Bolýar

Tokaýew, iş sapary bilen ýurduna gelen Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen duşuşdy.

2145460
Gollandiýanyň Premýer-ministri Gazagystanda Saparda Bolýar

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew, iş sapary bilen ýurduna gelen Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen duşuşdy.

Gazagystan tarapyndan berlen beýannama görä, paýtagt Astanda Akorda köşgünde bolan duşuşykda iki ýurduň arasynda medeniýet we ykdysadyýet ýaly birnäçe ugurda edilýän gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Tokaýew duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gün saýyn ösýändigini nygtap, “Gollandiýa ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýan esasy ýurtlardan biri. Göniden maýa goýum mukdary 120 milliard dollardan geçdi. Ýurtlarymyz bilelikde uly göwrümli birnäçe taslamany durmuşa geçirýär” diýdi.

Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte hem Gazagystanyň sebitara we halkara derejesinde alyp barýan deňagramly syýasatyna uly sarpa goýýandygyny nygtady.

Premýer-ministr Rutte, Gollandiýa bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklary täze sepgide götermek, oba hojalyk, energetika we suwyň dolanşygy ýaly ugurlarda tejribe alyşmaga taýardyklaryny ýatlatdy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar