DKTR-nyň Mejlisiniň Başlygy Ysraýylyň Gaza Hüjümlerine Reaksiýa Bildirdi
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Respublikan Mejlisiniň Başlygy Zorlu Töre, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerine reaksiýa bildirdi.
Töre: “Ysraýylyň maksady Hamas däl, Palestinany dolulygyna kartadan öçürmek” diýdi.
Zorlu Töre Ysraýylyň gabaw astyndaky Gaza Sektorunda asuda ilata, hassahanalara we mekteplere guraýan hüjümleri hakynda metbugata beýannama berdi.
Töre; “Gazada gyrgynçylyk edilýär. Ysraýylyň edýän gyrgynçylygy utandyryjy ýagdaý. BMG derde ýaranok. Parahatçylyk mitingleri Ysraýyly duruzmaga ýetmeýär, sebäpli Ysraýylyň arkasynda ABŞ we ÝB bar” diýdi.
BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Gaza meselesinde adalatsyz çemeleşýändigi beýan eden Töre, Ysraýylyň agressiýasynyň duruzylmagy üçin musulman ýurtlarynyň agzybir we jebis bolmalydygyna ünsi çekdi.
DKTR-nyň Mejlisiniň Başlygy Zorlu Töre, Ysraýylyň Gazadaky asuda ilata guraýan hüjümlerini “döwlet terrory” hökmünde häsýetlendirip, halkara jemgyýetçiliginiň Ysraýylyň edýän wagşyçylygyny duruzmalydygyny nygtady.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk Güni Bilen Gutlady
"28-nji maý Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk gününi mähirli gutlaýaryn"
Gollandiýanyň Premýer-ministri Gazagystanda Saparda Bolýar
Tokaýew, iş sapary bilen ýurduna gelen Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen duşuşdy.