Türkiýe, Türk Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Gününi Gutlady
“14 ýyl ozal Nahiçewan şertnamasy bilen döredilen Türk döwletleri guramasynyň hyzmatdaşlyk güni bilen mähirli gutlaýarys”
![Türkiýe, Türk Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Gününi Gutlady](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/c9f9/6643/c005/64cc9b150db96.jpg?time=1718723330)
Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “1992-nji ýylda Türk dilinde gepleşýän ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň sammidi hökmünde başladylan etap, agza ýurtlaryň alyp baran tutanýerli tagallasy netijesinde, şu günki günde doly üpjünçilikli halkara gurama öwrüldi” diýildi.
Beýannamada, Türk döwletleri guramasynyň, agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny we çuňlaşdyrylmagyny, milli mümkinçilikleriň utgaşykly ýagdaýda getirilmegini maksat edinýändigi bellenildi.
Beýannamada, “Türkiýe, türk dünýäsiniň has güýçlenmegi we türk hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly tagalla etmäge dowam eder” diýildi.
Beýannamada, “14 ýyl ozal Nahiçewan şertnamasy bilen döredilen Türk döwletleri guramasynyň hyzmatdaşlyk güni bilen mähirli gutlaýarys”diýildi.
Degişli Habarlar
![Numan Kurtulmuş, Azerbaýjanyň Milli Azat Edijilik Gününi Gutlady](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/0e73/4422/b257/65b5001ee298e.jpg?time=1718723331)
Numan Kurtulmuş, Azerbaýjanyň Milli Azat Edijilik Gününi Gutlady
" Jan Azerbaýjanyň 15-nji iýun Milli Azat edijilik gününi tüýs ýürekden gutlaýaryn”