Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Ot Açyldy

Ermenistanyň ýaragly güýçleri tarapyndan Azerbaýjanyň pozisiýalaryna ot açylandygy habar berildi.

2152791
Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Ot Açyldy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, Ermenistanyň ýaragly güýçleri tarapyndan Azerbaýjanyň pozisiýalaryna ot açylandygyny habar berdi.

Ministrlikden berlen beýannamada, düýn ýerli wagt bilen 10.05-den 17.50 aralygynda Nahiçewan Awtonomiýasynyň Şerur welaýatynyň Hawuş, Ordubat welaýatynyň Nürgüt, Şahbuz welaýatynyň Günorta Kyşlak obalaryndaky pozisiýalaryna ermeni güýçleri tarapyndan ot açylandygy nygtaldy.

Beýannamada, ýerli wagt bilen 19.0-de bolsa Babek welaýatynyň Ýokary Buzgow obasyndaky pozisiýalara ot açylandygy, Azerbaýjanyň harby goşunynyň degişli gaýtawuly görkezendigi bellenildi.

 



Degişli Habarlar