Hakan Fidan, Şuşa Beýannamasynyň Kabul Edilmeginiň 3-nji Ýyly Bilen Gutlady

“Şuşa beýannamasy bilen berçinleşen bu jebisligimiz, sebitimizde parahatçylygyň we durnuklylygyň kepilnamasy bolmaga dowam eder”

2153318
Hakan Fidan, Şuşa Beýannamasynyň Kabul Edilmeginiň 3-nji Ýyly Bilen Gutlady

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Azerbaýjanyň Milli Azat edijilik güni we Şuşa beýannamasynyň kabul edilmeginiň 3-nji ýyly bilen gutlady.

Fidan, X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň dost we dogan iki döwletdigini nygtap, “Şuşa beýannamasy bilen berçinleşen bu jebisligimiz, sebitimizde parahatçylygyň we durnuklylygyň kepilnamasy bolmaga dowam eder” diýdi.

“Iki döwlet, bir millet” şygaryna laýyklykda iki ýurduň arasyndaky dostlugyň müdümi bolmagyny dilän Fidan, “Jan Azerbaýjanyň Milli Azat edijilik we Şuşa beýannamasynyň kabul edilmeginiň 3-nji ýyly gutly bolsun” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar