Dünýä ýurtlary Azerbaýjana goldaw ýüzlenmelerini berýärler
BMG-nyň metbugat geňeşçisi Stefan Dýužarrik gündelik metbugat ýygnagynda mesele bilen bagly beýanat berdi

Birleşen Milletler Guramasy (BMG) Azerbaýjanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine ygrarlydygyny tassyklady we bu ugurda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň kararlaryna hormat goýulmagyny isledi.
BMG-nyň metbugat geňeşçisi Stefan Dýužarrik gündelik metbugat ýygnagynda Azerbaýjanyň Garabag sebitinde ermeni harby güýçleriň gözegçiligindäki territoriýada geçirilen Prezident saýlawy bilen baglanşykly soraga jogap berdi.
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Ermenistana we Azerbaýjana gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin tagallalary artdyrmak barada çagyryş berendigini aýdan Stefan Dýužarrik onuň sebitiň parahatçylygy we howpsuzlygy üçin peýdaly boljakdygyny beýan etdi.
Stefan Dýužarrik: "Biz Azerbaýjanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine ygrarlygymyzy tassyklaýarys we bu ugurda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň kararlaryna hormat goýulmagyny isleýäris. Her kime bulara doly ýagdaýda hormat goýmagy üçin çagyryş berýäris" diýip habar berdi.
Gyrgyzystan hem Azerbaýjanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine goldaw berýändigini nygtady.
Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Gyrgyzystan halkara derejesinde ykrar edilen serhetlerde Azerbaýjanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini berk goldaýandygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Ähli meseleleriň BMG-nyň şertlerine we halkara hukugyň esasy ýörelgelerine laýyklykda syýasy we diplomatik ýollar bilen çözülmegi barada çagyryş berýäris" diýip mälim edildi.
Gazagystan hem Azerbaýjanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine goldaw berýändigini nygtady.
Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Daglyk Garabagyň töwereginde başdan egçirilen soňky hadysalar bilen baglanşykly Gazagystan halkara derejesinde ykrar edilen serhetlerde Azerbaýjanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini berk goldaýandygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Ähli meseleleriň BMG-nyň şertlerine we halkara hukugyň esasy ýörelgelerine laýyklykda syýasy we diplomatik ýollar bilen çözülmegi barada çagyryş berýäris" diýip habar berildi.
Azerbaýjanyň Garabag sebitindäki bikanun ermeni güýçleriniň gözegçiligi astyndaky territoriýada 9-njy sentýabrda Prezident saýlawy geçirilipdi.
Degişli Habarlar

Garabagda Geçirlen Antiterror Operasiýasynda 192 Esger Şehit Boldy
Garabagdaky ýaragly ermeni güýçler 24 sagat dowam eden operasiýadan soň ýaraglaryny taşlapdy.

TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş, Özbegistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
“Özara hyzmatdaşlarymyz Aziýa we Ýewropa ýurtlary taýdan diýseň möhüm"