Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Hakan Fidany Kabul Etdi

Aliýew geçen aý Daşary işler ministri hökmünde bellenen Hakan Fidany kabul etdi we wezipesinde rowaçlyk arzuw etdi.

2007426
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Hakan Fidany Kabul Etdi

Arabaglanşyksyzlar hereketiniň ministrler derejesinde geçirlen maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa giden Daşary işler ministri Hakan Fidan iş saparynyň çäginde Prezident Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannama görä, Aliýew geçen aý Daşary işler ministri hökmünde bellenen Hakan Fidany kabul etdi we wezipesinde rowaçlyk arzuw etdi.

Aliýew, Prezident Erdoganyň maý aýynda geçirlen saýlawlardan soň Azerbaýjana guran resmi saparynyň “iki ýurduň arasyndaky doganlyk we ýaranlyk gatnaşykalryny açyk aýdyn görkezýändigini” belledi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan hem Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagy üçin tagalla etjekdigini aýtdy.

Türkiýäniň Arabaglanşyksyzlar herkeletiniň maslahatyna çagyrlandygy üçin sagbolsun aýdan Fidan, Arabaglanşyksyzlar hereketiniň döwürleýin ýolbaşçylygyny üstünlikli ýagdaýda ýerine ýetiren Aliýewi gutlady.

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew kabul edilşikde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşma etaby we Günorta Kawkazda parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalar hakynda Fidana maglumat berdi.



Degişli Habarlar