Türk Döwletleri Guramasynyň Liderler Maslahaty Özbegistanda Geçirler

Türk Döwletleri guramasynyň liderler maslahaty 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirler

1904258
Türk Döwletleri Guramasynyň Liderler Maslahaty Özbegistanda Geçirler

Türk Döwletleri guramasy tarapyndan berlen beýannama görä, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda geçiriljek maslahata Türkiýe, Azerbaýjan, Gyrgyzstan we Gazagystan prezident derejesinde, synçy ýurt Wengriýa bolsa premýer-ministr derejesinde gatnaşar.

“Türk medeniýeti üçin täze döwür: Bilelikde Galkynyşa we Eşretli Gelejege tarap” temasy bilen geçiriljek maslahatda, Türk Döwletleri guramasynyň gün tertibinde esasy orun eýeleýän meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Ykdysadyýet, söwda, transport we gümrük ýaly ugurlarda birnäçe şertnama baglaşylar.

Türk Döwletleri guramasynyň liderler maslahatynda liderler agza we synçy ýurtlaryň arasynda dürli ugurlarda edilýän hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşar. Sebitara we halkara syýasy we ykdysady meseleler hem maslahatyň gün tertibine getirler.

Özbegistan Türk Döwletleri guramasynyň döwürleýin ýolbaşçylygyny Türkiýeden kabul edip alar.

Türk Döwletleri guramasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň naslahaty hem ertir Samarkand şäherinde geçirler.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar