Gazagystandaky Tokaý Ýangyny Gözegçilik Astyna Alyndy

Ýangynda başga ýere göçürilmegini kabul etmedik 86 ýaşyndaky bir adam ýogalypdy.

1877237
Gazagystandaky Tokaý Ýangyny Gözegçilik Astyna Alyndy

Gazagystanyň demirgazygynda ýerleşýän Kostanaý welaýatynda 5 gün ozal başlan tokaý ýangynynyň gözegçilik astyna alynandygy nygtaldy.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Ýuris Ilýin, ýerli wagt bilen 15.00-da welaýatyň Auliýeköl etrapçasynynyň golaýyndaky ýangynyň gözegçilik astyna alynandygyny haabr berdi.

Ilýin, welaýatda jemi 43 müň gekdarlyk meýdanyň ýanandygyny belledi.

Ýangyn sebäpli sebitde 2 müň 91 adamyň howpsyz ýere göçürlendigini ýatladan Ilýin, ýangynyň gözegçilik astyna alynmagyndan soň göçürlenleriň esasy böleginiň öýlerine dolanandygyny belledi.

Gazagystanyň demirgazygyndaky tokaýlyk meýdanda 2-nji sentýabrda başlan we 3-nji sentýabrda howanyň ýylylygynyň 38 gradusa çenli baryp ýetmegi we şemal sebäpli ýangyn golaýdaky obalarda hem başlapdy.

Ýangynda başga ýere göçürilmegini kabul etmedik 86 ýaşyndaky bir adam ýogalypdy.

Ýangyn sebäpli 98-i ýaşaýyş jaýy bolmak bilen jemi 108 bina uly zeper ýetirildi.

Oba hojalyk ministrligi bolsa Gazagystanyň galla ammary hökmünde bilinýän Kostanaý welaýatyndaky tokaý ýangynynda 16 gekdarlyk galla meýdanyna zeper ýetirlendigini mälim edipdi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #tokaý , #ýangyn , #Gazagystan

Degişli Habarlar