Azerbaýjan dünýä jemgyýetçiligine çagyryş berdi
Jeýhun Baýramow Twitter hasabyndan beýanat berdi
![Azerbaýjan dünýä jemgyýetçiligine çagyryş berdi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/6f59/0122/32cc/62e91f68cce9e.jpg?time=1718693754)
Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, 1-nji Garabag söweşinde dereksiz ýiten 3 müň 890 azerbaýjanlynyň ykballarynyň aýan edilmegi üçin halkara jemgyýetçiligine Ermenistana garşy basyş etmegi barada çagyryş berdi.
Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Şu gün Bütindünýä Dereksiz ýiten adamlaryň güni. Ermenistanyň agressiýasy netijesinde takmynan 30 ýyl bäri tapylmaýan 3 müň 890 azerbaýjanlynyň ykballary näbelli bolmagynda galýar. Halkara hukugyň çäginde jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmegi üçin Ermenistana halkara derejede basyş edilmegi barada çagyryş berýäris" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar
![Numan Kurtulmuş, Azerbaýjanyň Milli Azat Edijilik Gününi Gutlady](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/0e73/4422/b257/65b5001ee298e.jpg?time=1718693754)
Numan Kurtulmuş, Azerbaýjanyň Milli Azat Edijilik Gününi Gutlady
" Jan Azerbaýjanyň 15-nji iýun Milli Azat edijilik gününi tüýs ýürekden gutlaýaryn”