Ermeniler Laçyny Oda Berýärler

Ermeniler, aýyň ahyrynda Azerbaýjanyň gözegçiligine geçjek Laçyndaky öýleri we tokaýlyk meýdanlary ýakyp, şäheri terk edýärler.

1869478
Ermeniler Laçyny Oda Berýärler

Üstümizdäki aýyň ahyrynda Azerbaýjanyň gözegçiligine geçjek Laçyna bikanun ýagdaýda ýerleşen ermeniler, şäherden gitmezden ozal şähere zyýan ýetirmäge dowam edýärler.

Şäherdäki ermenileri binalary, tokaýlary oda berip, şäheri terk edýärler.

Ermeni ýaşaýjylarynyň öýleri ýakýandygyny we daş-töweregi ýyky-ýumurýandygyny görkezýän ençeme wideo ýazgy sojial mediada gysga möhletde ýaýrady hem-de uly reaksiýa döretdi.

Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Russiýanyň arasynda 2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda gol çekişilen üçtaraplaýyn jarnama laýyklykda Garabagda Laçyndaky we etraplardaky käbir obalarda ýaşaýan ermeniler, awgust aýynyň ahyrynda bikanun ýerleşen ýerlerinden çykarlar we şäher Azerbaýjanyň gözegçiligine geçer.

2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda halas edilen Laçynda we obalarynda Ýakyn Gündogardan giden köp sanly immigrant bikanun ýagdaýda ýaşaýar.

Immigrantlar we şäherdäki wagtlaýyn rus güýçleri ahyryna çenli ol ýerde giderler.



Degişli Habarlar