Guterreş, BMG-nyň Kipr Parahatçylyk Güýjüniň Iş Möhlediniň 6 Aý Uzadylmagyny Maslahat Berdi

"BMG-nyň Kipr parahatçylyk güýjüniň iş möhlediniň 2023-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli uzadylmagy peýdaly bolar"

1856673
Guterreş, BMG-nyň Kipr Parahatçylyk Güýjüniň Iş Möhlediniň 6 Aý Uzadylmagyny Maslahat Berdi

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Howpsyzlyk geňeşine, Kipr parahatçylyk güýjüniň iş möhlediniň ýene-de 6 aý uzadylmagyny maslahat berdi.

Guterreş, Nýu-Ýorkda BMG-nyň merkezi jaýynda dowam edýän Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda eden çykyşynda, BMG-nyň Kipr parahatçylyk güýjüniň iş möhlediniň 2023-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli uzadylmagynyň peýdaly boljakdygyny nygtady.

Ähli taraplaryň ýagşy niýetli çemeleşmelidigine we syýasy çözgüt üçin amatly şertiň döredilmelidigine ünsi çeken Guterreş “BMG-nyň Howpsyzlyk güýjüne Kipriň parahatçylygyna we durnuklylygyna uly goşant goşmaga dowam edýän BMG-nyň parahatçylyk güýjüniň iş möhlediniň 2023-nji ýylyň 3-nji ýanwaryna çenli 6 aý möhlet bilen uzadylmagyny maslahat berýärin” diýdi.

2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda kabul edilen Howpsyzlyk geňeşiniň kararyna görä, BMG-nyň  Kipr parahatçylyk güýjüniň iş möhledi iýul aýynyň ahyrynda tamamlanýar.

 



Degişli Habarlar