Buhara Şäheri “Türk Dünýäsiniň Ýaşlarynyň Paýtagty” Hökmünde Yglan edildi
Özbegistanyň taryhy Buhara şäherinde Türk Döwletleri guramasynyň 4-nji Ýaş liderler forumy geçirilýär.
![Buhara Şäheri “Türk Dünýäsiniň Ýaşlarynyň Paýtagty” Hökmünde Yglan edildi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/76a1/29d7/f1b2/5dc11b01a4dd4.jpg?time=1718467932)
Özbegistanyň taryhy Buhara şäheri “Türk Dünýäsiniň Ýaşlarynyň paýtagty” hökmünde yglan edildi.
Özbegistanyň taryhy Buhara şäherinde Türk Döwletleri guramasynyň 4-nji Ýaş liderler forumy geçirilýär.
Iki gün dowam etjek forumyň birinji gününe TDG-nyň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Baýkar tehnalogiýa firmasynyň lideri Selçuk Baýraktar, Ýaşlar we sport ministriniň orunbasary Halis Ýunus Ersöz, Özbegistanyň Ýaşlar guramasynyň başlygy Alişir Sadullaýew, Buharanyň weleýat häkimi Batyr Zaripow bilen birlikde gurama agza ýurtlardan ýokary derejeli ýolbaşçylar we ýaşlar gatnaşdy.
Forumyň birinji gününde TDG-nyň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Özbegistanyň Ýaşlar guramasynyň başlygy Alişir Sadullaýew, Buharanyň weleýat häkimi Batyr Zaripow, 2022-nji ýylyň Türk dünýäsinde “Ýaş telekeçilere goldaw ýyly” we taryhy Buhara şäheriniň hem “Türk Dünýäsiniň Ýaşlarynyň paýtagty” hökmünde yglan edilmegi baradaky jarnama gol goýdy.
Degişli Habarlar
![Numan Kurtulmuş, Azerbaýjanyň Milli Azat Edijilik Gününi Gutlady](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/0e73/4422/b257/65b5001ee298e.jpg?time=1718467933)
Numan Kurtulmuş, Azerbaýjanyň Milli Azat Edijilik Gününi Gutlady
" Jan Azerbaýjanyň 15-nji iýun Milli Azat edijilik gününi tüýs ýürekden gutlaýaryn”