Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Azerbaýjan we Ermenistan umumy komissiýanyň iň gysga wagtda geçirilmegi barada karara geldiler

1817675
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan telefon arkaly söhbetdeş boldylar. 

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, ministrler telefon söhbetdeşliginde liderler derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar. 

Ministrler serhetleriň kesgitlenmegi üçin döredilmegi göz öňünde tutulan komissiýanyň gatnaşyjy paramerleri boýunça ylalaşyga geldiler. 

Umumy Serhet komissiýasy bilen parahatçylyk ylalaşygynyň üstünde işlejek iş toparynyň ýakyn wagtda maslahat geçirmekleri barada karara gelen ministrler, ynsanperwer ugurlar boýunça edilýän ädimleriň dowam edilmegi bababatynda pikir alyşdylar. 



Degişli Habarlar