Türk Gonamçylygyna Futbol Meýdançasynyň Gurulmagyna Reaksiýa Bildirildi

Türk gonamçylygynyň üstüne futbol meýdançasyny gurma synanşygy, Gresiýadaky Günbatar Frakiýa Musulman türk azlygynyň reaksiýasyna sebäp boldy.

1797297
Türk Gonamçylygyna Futbol Meýdançasynyň Gurulmagyna Reaksiýa Bildirildi

Kasnti şäheriniň Horozly obasyndaky köne türk gonamçylygynyň üstüne futbol meýdançasyny gurma synanşygy Gresiýadaky Günbatar Frakiýa Musulman türk azlygynyň reaksiýasyna sebäp boldy.

Horozly obasynyň degişli bolan Bulustra etrap häkimligi sişenbe güni iş ulaglary bilen köne gonamçylykda işe girişipdi.

Gonamçylygyň üstüne futbol meýdançasyny gurmak üçin başladylan taýýarlyklaryň çäginde käbir gubyr daşlary ýerinden çykaryldy we döwüldi.

Günbatar Frakiýa Musulman türk azlygy gonamçylygyň üstüne futbol meýdançasynyň gurulmagyna reaksiýa bildirdi.

Ksanti türk bileleşiginiň Başlygy Ozan Ahmetogly gonamçylyga şeýle zyýan berilmeginiň kabul edilmesizdigini nygtap, azlyga geňeşilmän şeýle işe girişmegin azlygyň garşylyga sezewar bolandygyny aýtdy.

Günbatar Frakiýa Musulman türk azlygyna wekilçilik edýän ençeme gurama we jemgyýet wakany ýazgardy.

Ksanti türk bileleşiginden berilen beýannamada; “Bulustra häkimçiliginiň kabul eden bu ýerliksiz kararyny gysga möhletde bes etmegine we türk azlygyndan ötünç soramagyna garaşýandygymyzy halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýäris” diýilýär.”



Degişli Habarlar