Italiýanyň Premýer ministri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen gürrüňdeş boldy

Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

1791916
Italiýanyň Premýer ministri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen gürrüňdeş boldy

Italiýanyň Premýer ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Dragi we Aliýewiň şu gün telefon arkaly söhbetdeş bolandyklary bellenip: "Iki lider geçiren telefon söhbetdeşliklerinde Ukrainadaky ýagdaýy we esasan hem energetika pudagy başda bolmak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ösdürmegi ele aldylar" diýip habar berildi. 

Tebigy gazda 40 göterim töweregi Russiýa garaşly bolan Italiýa, 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli energetika çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak babatynda degişli ýurtlar bilen gepleşiklerini geçen hepdeden bäri artdyrdy. 

Şol çäkde Daşary işler ministri Luigi Di Maio hem energetika ugrundaky hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek üçin meşhur suwuklandyrylan tebigy gaz üpjün ediji ýurtlar bolan Alžire 28-nji fewralda, Katara bolsa 5-nji martda sapar gurapdy. 

Mundan başgada Dragi 5-nji martda Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 



Degişli Habarlar