Aziz Sanjara Özbegistanda Hormatly doktorlyk derejesi berildi

2015-nji ýylda Nobeliň Himiýa sylagyna eýe bolan professor Aziz Sanjara Özbegistanyň Ýüpek Ýoly Halkara syýahatçylyk uniwersitedi tarapyndan Hormatly doktorlyk derejesi berildi

1708546
Aziz Sanjara Özbegistanda Hormatly doktorlyk derejesi berildi

Professor Aziz Sanjar Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde ýerleşýän uniwersitede guran saparynda bilim ojagynda okaýan talyplar we ol ýerde işleýän mugallymlar bilen duşuşdy. 

Duşuşyga gatnaşan we şol bir wagtda Özbegistanyň Wise-premýeri, Syýahatçylyk we sport ministri bolan bolan rektor Aziz Abduhakimow, Nobel sylagyna eýe bolan Aziz Sanjaryň uniwersitede sapar guramagyndan hoşaldygyny beýan etdi. Aziz Abduhakimow uniwersitediň Ylmy geňeşi tarapyndan Aziz Sanjara Hormatly doktorlyk derejesi berilmegi barada karara gelinendigini habar berdi. 

Ondan soň Aziz Abduhakimow Aziz Sanjara Hormatly doktorlyk derejesini gowşurdy. 

"Türk dünýäsinde ylym we milli galkynyş" temasy bilen çykyş eden Aziz Sanjar, ondan soň bolsa talyplaryň soraglaryna jogap berdi. 

Uniwersitediň hormat depderine gol çeken Aziz Sanjar, özbek talyplar we mugallymlar bilen ýadygärlik surata düşdi. 



Degişli Habarlar