"Türkiýäniň Özbegistanyň özgertme etabyna berýän goldawy dowam eder"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Türkiýäniň Özbegistanyň özgertme etabyna berýän goldawy dowam eder" diýip belledi

1597853
"Türkiýäniň Özbegistanyň özgertme etabyna berýän goldawy dowam eder"
Çavuşoğlu-Özbekistan-2.jpg
Çavuşoğlu-Özbekistan-1.jpg
Çavuşoğlu-Özbekistan.jpg
Çavuşoğlu-Kamilov Basın Toplantısı.jpg
Uzbequistão.jpg

Özbegistandaky saparyny dowam etdirýän Mewlüt Çawuşogly, özbek kärdeşi Abdulaziz Kamilow bilen iki ýurdyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň çäginde duşuşyk geçirdi. 

Ondan soň iki kärdeş, Bilelikdäki Strategik meýilleşdiriş toparynyň maslahatyna gatnaşdylar we umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler. 

Mewlüt Çawuşogly we Abdulaziz Kamilow, iki ýurdyň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekdiler. 

Mewlüt Çawuşogly ol ýerde eden çykyşynda, Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky ilkinji maslahatda maslahatlaşylan kararlaryň we gol çekilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmek etabynyň gözden geçirilendigini belläp, 2-nji maslahatyň taýarlyklaryna başlandyklaryny mälim etdi. 

Öňümizdäki etapda esasan hem söwdany artdyrmak üçin prefernsial söwda şertnamasyny baglaşmak isleýändiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly, transport ugrunyň güýçlendirilmegini, goranyş senagatyny, harby we howpsuzlyk meselelerini, bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlyklary we gatnaşyklaryň beýleki ugurlaryny ele alandyklaryny belläp: "Hormatly Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýewiň hyzmatdaşlygyndaky özgertme etabyna berýän goldawymyz dowam eder" diýip habar berdi. 

Kamilow bilen sebitleýin we halkara meseleler boýunça pikir alyşandyklaryny aýdan Mewlüt Çawuşogly, iki ýurdyň arasyndaky saparlaryň şu ýyl artjakdygyny we gatnaşyklaryň has hem güýçlendiriljekdigini beýan etdi. 

Kamilow bilen öz gezeginde, gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi, sebitleýin we halkara meseleler, BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy we Türk Geňeşiniň çägindäki gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly meselelerde taraplaryň pozisiýalarynyň meňzeşdigini ýene-de bir gezek görkezendigini habar berdi. 

Kamilow, Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 2-nji maslahatynyň geçirilmegi maksady bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogany şu ýyl Özbegistana çagyrandyklaryny aýan etdi. 

Kamilow, dünýädäki ýokary syýasy, ykdysady we medeni mümkinçilige eýe Türkiýäni, halkara arenadaky strategik hyzmatdaş hökmünde takdyr edýändiklerini beýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, saparynyň çäginde Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew tarapyndan kabul ediler, ondan soň bolsa Wise-premýer, Maýa goýumlar we Daşary söwda ministri Serdor Umurzakow bilen duşuşyk geçirer. 



Degişli Habarlar