Türk Geňeşi Ganly Ýanwaryň Gurbanlaryny Hatyralady

Türk Geňeşi 20-nji Ýanwar Gyrgynçylygy Mynasybetli Hatyralama Ýüzlenmesini Çap Etdi

1567280
Türk Geňeşi Ganly Ýanwaryň Gurbanlaryny Hatyralady

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi Azerbaýjanda Matam we buýsanç güni hökmünde bellenilip geçilýän, taryha “Ganly ýanwar” ady bilen geçen 20-nji ýanwar gyrgynçylygynyn 31-nji ýyly mynasybetli hatyralama ýüzlenmesini çap etdi.

Türk geňeşiniň Twitter hasabyndan berilen habarnamada: “Gara ýanwar atlandyrylýan 1990-njy ýylyn 20-nji ýanwaryndaky Baku gyrgynçylygy sebäpli Türk geňeşi watanlary ugrunda janlaryny gurban eden Azerbaýjanyň ähli gahryman ogullaryny hormat bilen hatyralaýar, olaryň eziz ruhlarynyň önünde hormat bilen baş egýäris” diýilýär.

1990-njy ýylyň başlarynda ermenileriň güýçlenen ýer talaplaryna we Sowet dolanşygyna garşylygyny görkezmek islän müňlerçe azerbaýjanly Bakuwyň Azatlyk meýdanynda jemlenşip, uzak möhletli mitingler geçirmäge başlapdy.

Mitinglere gatnaşanlary dargatmak maksady bilen 20-nji ýanwarda Bakuwyň birnäçe etrabyna gelen 26 müňden ybarat Sowete goşuny zenanlar we çagalar bilen birlikde 147 adamy gyryp, ýüzlerçe adamy ýaralapdy.



Degişli Habarlar