Aliýew Fuzuli we Şuşa şäherleriniň arasynda guruljak ýoluň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Aliýew: "Bütin dünýä ermeni wagşylygynyň nämedigini bilmelidir. Muny bütin dünýä görkezeris" diýip nygtady

1529378
Aliýew Fuzuli we Şuşa şäherleriniň arasynda guruljak ýoluň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
aliyev fuzuli-cebrail1.jpg
aliyev fuzuli-cebrail.jpg

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edilen Fuzuli we Şuşa şäherleriniň arasynda guruljak täze ýoluň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Bu taslamanyň basyp alyşlykdan azat edilen topraklarda durmuşa geçirilen ilkinji taslamadygyny aýdan Aliýew, Şuşanyň azat edilmegi bilen Ermenistanyň Azerbaýjana garşylyk görkezmeginiň manysyzdygyna düşenendigini beýan etdi. 

Ermenileriň sebite ençeme ýyllap ýetiren zyýanynyň hasaplanjakdygyny, ejir çeken adamlaryň döwlet tarapyndan öweziniň dolunjakdygyny aýdan Aliýew, adamlaryň öz ata watanlaryna gaýdyp geljekdiklerini habar berdi. 

Fuzuliniň obalarynyň we şäher merkezleriniň haraba öwrülendigini aýdan Aliýew: "Bütin dünýä ermeni wagşylygynyň nämedigini bilmelidir. Muny bütin dünýä görkezeris" diýip nygtady. 

Jebraýyl şäherindede ermenileriň ähli binalary we infrastrukturalary ýumurandygyny aýdan Aliýew, Ermenistanyň basyp alyşlyk astyndaky Azerbaýjanyň topraklarynda 30 ýylyň dowamynda ýetiren zyýany sebäpli halkara kazyýetiň öňünde hasap berjekdigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar