Ermenistan Basyp Alan Ýerlerindäki Metjitleri Doňuz Ýatagyna Öwürdi

Azerbaýjanyň goşunlary tarapyndan basyp alyşlykdan halas edilen Gubadly welaýatynyň Memer obasynyň wideo ýazgylary ýaýradyldy

1523320
Ermenistan Basyp Alan Ýerlerindäki Metjitleri Doňuz Ýatagyna Öwürdi

 

Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi Hikmet Hajiýew, Ermenistanyň basyp alan ýerlerinden Gubadly welaýatynyň Memer obasyndaky metjidi we beýleki dini ýerleri doňuz ýatagyna öwürendigini mälim etdi.

Hajiýew, Twitterden beren habarnamasynda, 30-njy oktýabrda Azerbaýjanyň goşunlary tarapyndan basyp alyşlykdan halas edilen Gubadly welaýatynyň Memer obasynyň wideo ýazgylaryny ýaýratdy.

Wideo ýazgylarda metjitleriň we beýleki dini ýerleriň harabalyga öwrülendigi we doňuz ýatagyna öwrülendigi görülýär.

Hajiýew, 18-nji asyrda gurlan metjidiň haraba öwrülmeginiň ermeni wagşyçylygyny görkezýändigini nygtap, BMG-nyň Bilim, ylym we medemiýet düzümi ÝUNESKO, Yslamy bilim, ylym we medeniýet guramasy ISESKO we Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna şol wagşyçylygyň berk ýazgarylmagy üçin çagyryş berdi.

Ermenileriň basyp alyşlygy astyndaky Zengilan şäheriniň metjidinde hem doňuz idedip ýetişdirendikleri ýüze çykypdy.



Degişli Habarlar