Gyrgyz Lider Syýasy Güýçler Bilen Dialoga Taýar

“Jenap syýasy güýçleriň liderleri, prezident hökmünde başdan geçirilýän syýasy krizisi ýeňip geçmek üçin elimden geleni etmäge taýar”

1504939
Gyrgyz Lider Syýasy Güýçler Bilen Dialoga Taýar

 

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, ýurtdaky döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalaryň basyplyp alynmagyndan we parlamentiň saýlawyň netijelerini bes etmeginden soň “syýasy güýçler bilen dialoga taýardygyny” mälim etdi.

Ýurtda başdan geçirilýän wakalar bilen Bişkekden ýakyndan gyzyklanýandygyny nygtan Jeenbekow, düýn ikinji gezek ýazmaça beýannama berdi.

Prezidentiň metbugat gullugyndan berlen beýannama görä, Jeenbekowyň syýasy güýçler bilen dialoga taýardygy we häzire çenli taraplardan hiçbirinin çözgüt üçin teklip hödürlemändigi nygtaldy.

“Jenap syýasy güýçleriň liderleri, prezident hökmünde başdan geçirilýän syýasy krizisi ýeňip geçmek üçin elimden geleni etmäge taýar” diýen Jeenbekow, “Halkyň talaplaryna düşünýärin. Başdan geçirilýän kynçylyklaryň çözülmegi üçin uly tagalla edýärin” diýdi.

Ýurtda 4-nji oktýabrda geçirlen saýlawyň netijelerini ykrar etmedik 12 syýasy partiýanyň tarapdarlary geçiren ýörişleri netijesinde Prezidentiň kompleksini we parlamenti basyp alypdy.



Degişli Habarlar