Türkiýäniň F-16 uçarlary Azerbaýjandaky harby türgenleşige gatnaşýar

Dabarada Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Milli senalary ýerine ýetirildi

1465196
Türkiýäniň F-16 uçarlary Azerbaýjandaky harby türgenleşige gatnaşýar
Turk f-16'lari azerbaycan'da2.jpg
Turk f-16'lari azerbaycan'da1.jpg
Turk f-16'lari azerbaycan'da.jpg

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň harby-howa we guryýer güýçleri tarapyndan başladylan giň-gerimli harby türgenleşige gatnaşjak Türk F-16 uçarlary Azerbaýjana bardylar. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, türgenleşigiň howa güýçleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bölümi bolan "TurAz Bürgüdi 2020"-ä gatnaşjak Türk F-16 harby uçarlar dabara bilen garşylandy. 

Dabarada Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Milli senalary ýerine ýetirildi. 

"TurAz Bürgüdi 2020" harby türgenleşigi Baku, Nahiçewan, Genje, Kürdemir we Ýewlah şäherlerinde geçiriler we 10-njy awgusta çenli dowam eder. 

Guryýer güýçleriniň türgenleşigi bolsa Baku we Nahiçewanda geçirilip, 5-nji awgusta çenli dowam eder. 



Degişli Habarlar