Azerbaýjan Türkiýä gynanç bildirdi

Şehit esgerleriň hossarlaryna gynanç bildiren Hasanow, ýaralananlara hem gyssagly şypa diledi

1368470
Azerbaýjan Türkiýä gynanç bildirdi

 

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow, Siriýanyň Idlib welaýatynda guralan howa hüjüminde şehit bolan türk esgerleri üçin Milli Goranmak ministri Hulusi Akara we Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Gülere gynanç bildirdi.

Hasanow gynanç hatynda, Idlibde guralan hyýanatçylykly hüjümde doganlyk türk goşunyndan ýogalan we ýaralanan esgerlere uly gynanç bildirýändiklerini nygtady.

Şehit esgerleriň hossarlaryna gynanç bildiren Hasanow, ýaralananlara hem gyssagly şypa diledi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow “Siziň gynanjyňyz biziň gynanjymyzdyr. Türk ýaragly güýçleri tarapyndan guralýan terrora garşy operasiýalarynyň oňyn netije berjekdigine ynanýarys we türk esgerlerine rowaçlyk arzuw edýäris” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar