Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasynda azerbaýjanly bir esger şehit boldy

Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasynda, ermeni esgerleriň od açmagy netijesinde Azerbaýjanyň goşunyndan 1 esger şehit boldy

1365099
Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasynda azerbaýjanly bir esger şehit boldy

Azerbaýjanyň Döwlet Serhet gullugy serkerdeliginden berilen beýanatda, Ermenistanyň goşunynyň Gazah welaýatynyň Kuşçu Aýrym obasynda od açmazlyk baradaky ylalaşygyň düzgünini bozandygy aýan edildi.

Beýanatda, Ermenistanyň goşunynyň minomýot we beýleki agyr ýaraglar bilen od açmagy netijesinde Azerbaýjanyň goşunyndan Ibrahim Weliýew atly esgeriň şehit bolandygy habar berildi.

Azerbaýjanyň goşunynyň açylan oda garşylyk görkezip hüjüm gurandygy aýdylýan beýanatda, Ermenistanyň goşunyndan 1 esgeriň öldürilendigi, 1 ofiseriň bolsa ýaralanandygy aýan edildi.



Degişli Habarlar