Çawuşoglu Aliýew tarapyndan “Dostluk Nyşany” baýragy bilen sylaglandy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Azerbaýwanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan “Dostluk Nyşany” baýragy bilen sylaglandy

1354120
Çawuşoglu Aliýew tarapyndan “Dostluk Nyşany” baýragy bilen sylaglandy

Azerbaýwanyň Prezident köşkünde geçirilen baýrak gowşurlyş dabarasynda çykyş eden Aliýew, Çawuşoglunyň Türkiýe-Azerbaýwan gatnaşyklaryna goşan möhüm goşantlaryna ünsi çekdi.

Çawuşoglunyň Azerbaýwany “ýürekden söýýändigini” beýan eden Aliýew, ministr Çawuşogluna ýüzlenip: “Siz Azerbaýwany almydama goldadyňyz we onuň tarapynda durduňyz. Ýewropa geňeşinde-de siziň bilen bilelikde işleşdik we elmydama birek-biregi goldadyk. Sizi ençeme ýyllardan bäri tanaýaryn. Siziň Türkiýäniň ösmegine uly goşandyňyz bar. Doganlyk Türkiýäniň dünýä arenasynda güýç merkezine öwrülmeginde siziň aýratyn pozisiýaňyz bar. Sizi Azerbaýwanda iňňän gowy tanaýarlar. Azerbaýwanda sizi söýýärler, halkymyzyň dosty we dogany hökmünde uly sarpa goýýarlar. İne şular sebäpli “Dostluk nyşany” bilen sylaglanýarsyňyz” diýdi.

Çawuşoglu hem syýasata başlan gününden bäri diňe bir Türkiýäniň däl, eýsem Azerbaýwanyň hem hukugyny goramagy borç edinendigini aýtdy.

Özüniň “Dostluk nyşany” bilen sylaglanmagyna hoşallyk bildiren Çawuşoglu Azerbaýwanyň Prezidentine ýüzlenip: “Türkiýäniň hukuklaryny elmydama goradyňyz. Türkiýe we Azerbaýwan iki doganlyk ýurt hökmünde elmydama arkalaşarlar. Prezidentimiz R.T.Erdoganyň we siziň liderlik etmegiňizde özara gatnaşyklarymyz hasam güýçlendi. merhum Haýdar Aliýewiň sözi biziň üçin ýolbeletdir: İki döwlet, bir millet. Men elmydama diňe bir Türkiýäniň däl, Azerbaýwanyň hem daşary işler ministri bolup işledim. Meniň üçin bu abraýly baýrak, şanly baýdaklarymyzyň dünýäde parlamagydyr. Diňe bir Türkiýe üçin däl, Azerbaýwan üçinem işlemäge dowame derin. Meniň üçin iň uly baýrak şanly baýdaklarymyzyň dünýäde parlamagydyr” diýdi.



Degişli Habarlar