Özbegistanda hökümet wezipesinden çekildi

Liberal demokrat partiýa, Abdulla Aripowy ýaňadandan premýer ministrlige dalaşgärlige hödürläpdi

1344566
Özbegistanda hökümet wezipesinden çekildi

 

Özbegistanda 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň 22-de geçirlen saýlawdan soň täze hökümetiň gurulmagy maksady bilen hökümet wezipesinden çekildi.

Premýer ministr Abdulla Aripow, hökümetiň iş başyndan çekilýändigi baradaky arzasyny senada hödürledi.

Senadyň Baş Assambleýasy hem hökümetiň arzasyny kabul etdi.

Senat tarapyndan berlen beýanatda, konstitutsiýa laýyklykda wezipesinden çekilen hökümetiň täze hökümet gurulýança öz işini dowam etdirjekdigi nygtaldy.

Parlamendiň iki ganadynda şu gün geçiriljek oturlyşykda täze premýeriň ministriň hödürlenmegi meselesi gün tertibine getirler

Ýurtda 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň 22-de geçirlen saýlawda 150 kürsüden ybarat parlamentiň aşaky ganady Kanun çykaryş mejlisinde 53 kürsä eýe bolan Liberal demokrat partiýa, Abdulla Aripowy ýaňadandan premýer ministrlige dalaşgärlige hödürläpdi.

 



Degişli Habarlar