DKTR-nyň Prezidenti Germaniýada saparda bolar

TAK agentligi mesele bilen bagly beýanat berdi

DKTR-nyň Prezidenti Germaniýada saparda bolar

DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy, Germaniýanyň paýtagty Berlinde BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterriş we Kipriň Grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen geçirjek üçtaraplaýyn maslahata açyk gün tertip bilen, mundan soňky meýilnamalary kesgitlemek maksady bilen gidýändiklerini habar berdi.

TAK agentliginiň berýän habaryna görä, Prezident Mustafa Akynjy, Berline ugramadan ozal Erjan howa menzilinde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Akynjy: “Berline haýsy nokatdadygymyzy bilelikde anyklamak, mundan soňky ýoly nähili ýörejekdigimizi kesgitlemek, ýagny ýol meýilnamasyny bilelikde çyzmak üçin gidýäris” diýip habar berdi.

Berlindäki maslahatyň oňyn geçmegini dileýändiklerini aýdan Akynjy: “Köp kararlar alynar diýmek islemeýärin. Sebäbi açyk gün tertip bilen gidýäris. Hormatly Baş sekretaryň ol ýerde möhüm bir rol eýelejekdigine ynanýaryn” diýip aýan etdi.

Antonio Guterrişiň tagallasy bilen 2,5 ýyl bäri dowam edýän işlerde möhüm öňe gidişlikleriň edilendigini, emma doly ýagdaýda netijelendirmegiň mümkin bolmandygyny aýdan Akynjy, sebitiň parahatçylyk we durnuklylyk sebiti bolmagyny, Kipriň hem bu parahatçylyga we durnuklylyga goşant goşmagyny isleýändiklerini beýan etdi.


Etiketkalar: Kipr , Mustafa Akynjy , DKTR

Degişli Habarlar