Atambaýew krizisi möwjeýär

“Bu iki adamyň arasyndaky dawa däl. Şahsy bähbidi döwletiň bähbidinden ileri tutýan hukuk göreşi”

1250314
Atambaýew krizisi möwjeýär

 

Gyrgyzystanyň howpsyzlyk güýçleri, ozalky Prezidenti Almazbek Atambaýewi tussag etmek üçin ikinji gezek operasiýa başlatdy

Howpsyzlyk güýçleri günorta wagty Atambaýewi tussag etmek üçin paýtagt Bişkegiň günortasynda ýerleşýän Çuý etrabynyň Koý-Taş obasyndaki öýüniň öňünde gitdi.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, düýn gije zamun alynan 6 howpsyzlyk işgäri boşadyldy we howpsyzlyk güýçleri ses bombasyny ulanyp Atambaýewiň öýüniň ýerleşýän mellegine girdi.

Operasiýanyň öňüsyrasynda Atambaýewiň öýüniň ýerleşýän ýerine gelen ýüzlerçe zenan bilen tarapdarynyň howpsyzlyk güýçlerine garşylyk görkezendigi nygtaldy

Operasiýanyň başlamagy bilen howpsyzlyk güýçleri Koý-Taş obasyna tarap barýan ähli ýollary ýapdy

Atambaýewe goldaw bermek üçin onuň öýüne gitmek islän raýatlar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Beýleki tarapdan Prezident Sooronbaý Jeenbekow, Mejlisiň başlygy Dastanbek Jumabekowyň ýolbaşçylygynda adatdan daşary ýagdaýda jemlenşen Mejlisde çykyş etdi.

Prezident Jeenbekow, Atambaýewiň arasynda şahsy düşnüşmezligiň bardygy hakyndaky tankydy belliklere jogap berdi.

Prezident Jeenbekow “Bu iki adamyň arasyndaky dawa däl. Şahsy bähbidi döwletiň bähbidinden ileri tutýan hukuk göreşi” diýdi.

Operasiýada Atambaýewiň tarapdarlarynyň howpsyzlyk güýçlerine berk garşylyk görkezendigi nygtalýar

Düýn guralan operasiýada 1 adam ýogalypdy, içeri işler müdüri agyr ýaralanypdy.

Ozalky prezidentiň öýünde 1,5 aýdan bäri nobata duran tarapdarlary bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan gowgada 45 adam ýaralanypdy.

Atambaýewiň el degrilmesizligi Mejlis tarapyndan 27-nji iýunda aýrylypdy

Almazbek Atambaýew 2011-2017-nji ýyllaryň arasynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesini ýerine ýetiripdi.

 

 



Degişli Habarlar