ŞHG-nyň Döwlet Ýolbaşçylarynyň Maslahaty Bişkekde Geçiriler

Gyrgyz döwleti maslahat üçin uly taýarlyk gördi

1217950
ŞHG-nyň Döwlet Ýolbaşçylarynyň Maslahaty Bişkekde Geçiriler

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçysy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooranbaý Jeenbekowyň başlyklyk etmeginde geçiriljek ýokary derejeli maslahata Russiýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Pakistan döwlet ýolbaşçylary, Hindistanyň Premýer ministri gatnaşar.

Maslahata Owganystanyň, Belarusyň, Eýranyň we Mongoliýanyň liderleri synçy hökmünde gatnaşarlar.

Guramanyň ösüşiň ýany bilen agza döwletleri gyzyklandyrýan sebitleýin we halkara meselelere garaljak maslahatdan soň guramanyň Bişkek jarnamasy kabul ediler.

5 müňe golan howpsyzlyk gullukçysynyň iş alyp barjak maslahaty üçin Gyrgyz Respublikasy Hytaýdan awtobus, jip we sowutly polis ulaglaryny, Russiýadan ýokary amatlykly 5 sany ulag, mikroawtobuslary we 2 sany Mİ-8 kysymly dik uçar kömegini aldy.

Sebitde parahatçylygyň, howpsyzlygyň we durnuklylygyň bilelikde üpjün edilmegi hem-de goralyp saklanmagy, döwletleriň arasynda özara ynamy we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini maksat edinýän ŞHG 2001-nji ýylyň iýun aýynyň 15-de Russiýanyň, Hytaýyň Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde döredilipdi.

Hindistan we Pakistan 16 ýyl soň gurama agza bolupdy.

Türkiýe geçen ýyllarda ŞHG-na Dialog hyzmatdaşy hökmünde gatnaşypdy.



Degişli Habarlar