Azerbaýjan Respublikasy 101 ýaşyny gutlaýar

Prezident Aliýew, Azerbaýjanyň Milli mukamynyň ýerine ýetirilmeginden soň ýadigärlige gül desselerini goýdy

1208984
Azerbaýjan Respublikasy 101 ýaşyny gutlaýar

 

1918-nji ýylyň 28-nji maýynda döredilen Azerbaýjan Respublikasy 101 ýaşyny gutlaýar

Prezident Ilham Aliýew baýramçylyk dabaralarynyň çäginde paýtagt Bakuda Jemhuriýet ýadigärliginde geçirlen dabara gatnaşdy.

Prezident Aliýew, Azerbaýjanyň Milli mukamynyň ýerine ýetirilmeginden soň ýadigärlige gül desselerini goýdy.

ABŞ-, Ýaponiýa, Britaniýa, Hytaý, Bolgariýa, Italiýa, Türkmenistan, Müsür, Gazagystan, Alžir, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Kuba, Belgiýa, Saud Arabystany, Yrak, Hindistan, Owganystan, Özbegistan, Şwesiýa ýaly birnäçe ýurduň lideri Prezident Ilham Aliýewi, Azerbaýjanyň 101 ýaşy bilen mähirli gutlady.

Prezident R. T. Erdogan hem Aliýewe gutlag ýüzlenmesini ugratdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň garaşsyzlygy 1918-nji ýylyň 28-nji maýynda Gruziýanyň Tiblisi şäherinde Mehmet Emin Resulzadeniň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjan Milli şurasy tarapyndan yglan edildi.

Baku, ermeni we bolşewik toparlary tarapyndan basylyp alynandygy üçin Fethali Han Hoýskiniň ýolbaşçylygynda gurlan wagtlaýyn hökümet, öz işini birnäçe wagt Genje şäherinde dowam etdirýär.

Azerbýajanyň garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden Osmanly döwleti boldy.

Iki döwletiň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda Kawkaz Yslam goşunynyň goldaw bermeginde 1918-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Bakuwy halas edýär.

Kawkaz Yslam goşunyndan Bakuwyň halas edilmegi üçin ermeni we Bolşewik güýçleri bilen bolan söweşde 1130 esger şehit boldy.

Gündogaryň ilkinji demokratik respublikasy hökmünde kabul edilen Azerbaýjanda, gysga wagtda bilim, din we wyjdan azatlygy boýunça dürli kanuny üýtgetmeler kabul edildi.



Degişli Habarlar