Türk we Azerbaýjan Ýaragly güýçleriniň türgenleşigi dowam edýär

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleriniň Azerbaýjanda başladadan bilelikdäki harby türgenleşiginde gury ýerden we howadan hüjümler guraldy

1194472
Türk we Azerbaýjan Ýaragly güýçleriniň türgenleşigi dowam edýär

Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky harby hyzmatdaşlyga laýyklykda iki ýurduň Ýaragly güýçleriniň utgaşyklygynyň güýçlendirilmegi üçin geçirilýän türgenleşigiň soňky gününde berjaý edilen wezipeler hakyky söweş sahnalaryndan tapawutsyzdy.

Bakuwyň golaýynda harby tälim giňişliginde geçirilen türgenleşikde 85 sanysy Türkiýeden müň esger, 60 tank we sowutly ulag, 30 sany top we minemýot bilen 20 sany hüjüm we ýük dik uçary gatnaşdy.

Türgenleşik depelerdäki wekilçilikli duşmana degişli nyşanalara top, minemýot we dik uçar hüjümleri guraldy.

Top we howa hüjümlerinden soň tanklar hem-de sowutly  ulaglar duşmanyň nyşanalaryna hüjüm etdiler. Wekilçilikli nyşanalar hüjümler bilen derbi dagyn edildi we dik uçarlar bilen duşmanyň pozisiýasyna düşürilen esgerler şol ýeri aldylar.

Türgenleşik wekilçilikli ýaralylaryň dik uçarlar bilen halas edilmeginden soň tamamlandy.



Degişli Habarlar