Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekildi

Gazagystan, Azerbaýjan, Eýran, Russiýa we Türkmenistanyň liderleri ençeme ýyl bäri paýlaşylyp bilinmedik Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekişdiler

1030751
Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekildi

Hazar deňizine serhetdeş bolan ýurtlar tarapyndan paýlaşylmagy we ulanylmagy üçin eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri geçirilýän gepleşiklerden şu gün netije alyndy. Gazagystan, Azerbaýjan, Eýran, Russiýa we Türkmenistan tarapyndan ençeme ýyl bäri paýlaşylyp bilinmedik Hazar deňizine hukuk derejesini berýän şertnama gol çekildi.

Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň V ýokary derejeli duşuşygyna Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putin we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdylar.

Kenardan 15 deňiz milýasyna çenli ýerler her ýurdyň öz serhedi hökmünde kabul ediler.

Hazar deňizinde Hazarýaka yurtlardan daşgary daşary ýurtlara degişli harby güýçler ýerleşdirilmez.

Hazar deňizinde takmynan 50 milliard barrellik nebit we 9 trillion kub metrlik tebigy gaz ätiýajynyň bardygy çak edilýär.



Degişli Habarlar