Gazak we gyrgyz liderler telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki kärdeş iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barada pikir alyşdy

905985
Gazak we gyrgyz liderler telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Soronbaý Jeenbekow telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Gazagystanyň Prezident gullugyndan berlen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde iki kärdeş iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we Ýewraziýa Ykdysadyýet bileleşiginiň çäginde hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi ýaly meseleler barada pikir alyşdy.

Beýanatda iki kärdeşiň şeýle hem gün tertibinde esasy orun eýeleýän sebitara we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşandygy bellenildi.

 



Degişli Habarlar