“Ilkinji daşary ýurt saparyňyzy Russiýa guramagyňyzdan hoşal"

Gyrgyz Respublikasynyň täze Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow paýtagt Moskwada Wladimir Putin bilen duşuşdy

858090
“Ilkinji daşary ýurt saparyňyzy Russiýa guramagyňyzdan hoşal"

 

Ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa guran Gyrgyz Respublikasynyň täze Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow paýtagt Moskwada Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Gyrgyz Respublikasynda geçen aý geçirlen prezident saýlawynda üstünlik gazanan Jeenbekowy gutlan Putin duşuşykda “ Ilkinji daşary ýurt saparyňyzy Russiýa guramagyňyzdan hoşal”diýdi.

Gyrgyzystanyň Ýewraziýa Ykdysadyýet bileleşigine agza bolmagyndan soň Russiýa bilen edýän söwda mukdarynyň 30 göterim artandygyny aýdan Putin “Esasanda Gyrgyzystandan azyk importymyz iki esse artdy. Gyrgyzystan bilen diňe ykdysady däl eýsem howpsyzlyk taýdan edýän hyzmatdaşlarymyzy artdyrmagy umyt edýäris” diýdi.

Ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa guraýandygyna ünsi çeken Jeenbekow hem “Bu Russiýa bilen edýän gatnaşyklarymyzyň pugtalandyrylmagyny isleýändigimizi görkezýär” diýdi.

Gyrgyz halkyna berýän kömekleri sebäpli Putine öz minnetdarlydygyny bildiren Jeenbekow, Russiýanyň Gyrgyzystan üçin esasy hyzmatdaş bolmaga dowam etjekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar