DKTR 34-ýaşyny gutlaýar

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň döredilen gününiň 34 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

848149
DKTR 34-ýaşyny gutlaýar

DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen aýaly Meral Akynjy Prezident köşgünde ilki gutlaglary kabul etdi.

Kabul edilşige Wise-premýer Rejep Akdag, Prezident Diwanynyň Baş sekretary Fahri Kasyrga, DKTR-nyň Mejlisiniň başlygy Sibel Siber, TBMM-niň başlygynyň wekili Ahmet Aýdyn, DKTR-nyň Premýer ministri Hüseýin Özgürgün, Wise-premýeri  Serdar Denktaş, Türkiýäniň DKTR-daky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Derýa Kanbaý, Baş ştabyň ikinji başlygy goşun generaly Ümit Dündar, CHP-nyň Hataý halk deputaty Mewlüt Dudu, Ýokary kaziýetiň başlygy Narin Ferdi Şefik bilen birlikde ministrler, halk deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we raýatlar gatnaşdy.

Dabaralar soň bolsa Lefkoşadaky Atatürk ýadigärliginiň öňünde dowam etdi.

Ýadigärlige gül desseleriniň goýulmagyndan soň hormatly dymyşlyk edildi we garaşsyzlyk mukamy ýerine ýetirildi.

DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy ýadigärligiň ýörite depderine “Eziz Atatürk DKTR şu gün 34 ýaşynda. Seniň ýörelgeleriňe we garaýyşlaryňa köňülden goldaw berýän Kipr türk halky, bu topraklarda ýagty geljek gurmak göreşini dowam etdirýär. Demokratik, dünýewi we sosýal hukuk hökmünde seniň “Ýurtda parahatçylyk dünýäde parahatçylyk” şygaryňa laýyklykda ähli taraplaýyn ösmäge dowam ederis”diýip ýazdy.

DKTR-nyň döredilen gününiň 34 ýyllygyna bagyşlanyp Girnede, İskelede, Gazimagusada we Güzelýurtda dürli çäreler geçirildi.



Degişli Habarlar