Aliýew Erdogany gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Adalat we ösüş partiýasynyň başlyklygyna saýlanan Prezident R. T. Erdogany gutlady

736844
Aliýew Erdogany gutlady

Ilham Aliýew “Eziz doganym” diýip başlaýan gutlag ýüzlenmesinde 15 ýylda Türkiýäniň ägirt uly işleri durmuşa geçirendigini belledi.

Türkiýäniň syýasy, ykdysady we sosýal taýdan durmuşa geçiren taslamalary bilen halkara derejesinde has täsirli ýagdaýa gelendigini aýdan Aliýew, Prezident Erdoganyň adynyň taryha altyn haprlar bilen ýazylandygyny belledi.

Ilham Aliýew Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalanmak bilen dowam etjekdigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar