Gazagystanyň Prezidenti Azerbaýjanda saparda boldy

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew resmi sapar bilen Azerbaýjanda boldy

704900
Gazagystanyň Prezidenti Azerbaýjanda saparda boldy

Nursoltan Nazarbaýew paýtagt Bakuda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Dabaradan soň Nazarbaýew bilen Aliýew ikiçäk duşuşyk geçirdiler.

Duşuşykdan soň liderler transport, salgyt, oba-hojalyk ugurlarynda ençeme şertnama gol çekdiler.

Nazarbaýewe azerbaýjanyň iň uly nyşany bolan Haýdar Aliýew nyşany berildi.

Nazarbaýew sapardan soň Bakudan gaýtdy.

 



Degişli Habarlar