Kipr gepleşikleri ýene-de bir gezek grek böleginiň ylalaşyksyz çemeleşmesi sebäpli bökdeldi

Gepleşikleriň geljeginiň grek tarapyna baglydygyna ünsi çeken Çawuşogly, Kipriň grek dolanşygynyň maksadyndan ýüz öwürmeýändigini aýtdy

674363
Kipr gepleşikleri ýene-de bir gezek grek böleginiň ylalaşyksyz çemeleşmesi sebäpli bökdeldi
çavuşoğlu kıbrıs.jpg

Kipriň grek böleginiň Wekiller mejlisiniň kabul eden Enosis referendumynyň geçirlen gününi belläp geçmek baradaky karary sebäpli başlan çedelleşige Kipriň grek böleginiň lideri Anastasiadisiň liderler duşuşugyndaky oňaýsyz çemeleşmesi hem urna boldy.

Kiprli liderler Kipriň Grek dolanşygynyň Wekiller mejlisiniň jedelleşikli kararynyň dartgynlyga sebäp bolan günlerinde duşuşdy.

Türk tarapy Grek dolanşygynyň lideri Anastasiadisiň Enos referendumynyň geçirlen gününiň bellenilip geçilmegi barada Mejlisiň kabul eden kararynyň bes edilmegi ugrunda tagalla etmegine garaşýardy.

Anastasiadis ELAM partiýasynyň kararyna goldaw bermeýändigini aýtdy, emma ony halkynyň adyndan beýan etmek islemedi.

Anastasiadisiň bu çemeleşmesi sebäpli Prezident Akynjy sylaşygyň bolmadyk ýerinde gepleşikleriň dowam edip bilmejekdigini aýtdy.

Grek dolanşygynyň lideriniň Kipr türk halkyna düşünmeýändigine ünsi çeken Prezident Akynjy, “Grek lideri bize we öz halkyna hem-de dünýä enosos ýaly garaýyşlaryň indi bähbit getirmejekdigini görkezmeli” diýdi.

G20-niň maslahatyna gatnaşmak üçin Bonna baran Daşary işler ministr Mewlüt Çawuşogly Kiprdäki gepleşikler hakynda garaýyş beýan etdi.

Gepleşikleriň geljeginiň grek tarapyna baglydygyna ünsi çeken Çawuşogly, Kipriň grek dolanşygynyň maksadyndan ýüz öwürmeýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar