Gazagystan ýadrosyz dünýäniň gurulmagyna we global söweş howpynyň öňüniň alynmagyna goşant goşar

Prezident Nazarbaýew ýüzlenmesinde Gazagystanyň ýadrosyz dünýäniň gurulmagyna we global söweş howpynyň öňüniň alynmagyna goşant goşup biljekdigini nygtady

649251
Gazagystan ýadrosyz dünýäniň gurulmagyna we global söweş howpynyň öňüniň alynmagyna goşant goşar

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ýurdunyň 2017-2018-nji ýyllarda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzalygyny ýerine ýetirjekdigini we ady agzalýan döwürde ähli agza ýurtlar bilen deňagramly we obýektiw ýagdaýda hyzmatdaşlyk etjekdiklerini aýtdy.

Nýu Ýorkda geçirlen “Çaknyşyklaryň öňüniň alynmagy we parahatçylygyň goralmagy” temaly maslahatda Prezident Nazarbaýewiň ýurdunyň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzalygy baradaky ýüzlenmesi Daşary işler ministri Kaýrat Andrahmanow tarapyndan okaldy.

Prezident Nazarbaýew ýüzlenmesinde Gazagystanyň ýadrosyz dünýäniň gurulmagyna we global söweş howpynyň öňüniň alynmagyna goşant goşup biljekdigini nygtady.

Nazarbaýew Owganystanda durnuklylygyň goralyp saklanmagy we Orta Aziýada parahatçylygyň üpjün edilmegi ýaly ugurlarda Astananyň öňbaşçylyk edip biljekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar