Aşgabatda “Türkmengurluşyk-2016” halkara sergisi öz işine başlady

Düýn ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda “Türkmengurluşyk-2016” halkara serginisiniň we “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahatyň açylyş dabarasy boldy

560551
Aşgabatda “Türkmengurluşyk-2016” halkara sergisi öz işine başlady

Gurluşyk ulgamynda täzeçil usullara, ýokary tehnologiýaly işläp taýýarlamalara bagyşlanan ykdysady gözden geçiriliş indi türkmen paýtagtynda sekizinji gezek geçirilýär. Ony ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni hem-de “Netorganization” kompaniýasy bilelikde gurady.

Ýöriteleşdirilen gözden geçirlişiniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş guramalarynyň, gurluşyk pudagyna degişli kompaniýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, Aşgabatda açylýan sergi ýurdumyzyň hünärmenleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan foruma gatnaşyjylar bilen özara bähbitli ylalaşygy gazanmak üçin örän ähmiýetlidir. 

Ykdysady gözden geçirilişiň ýurdumyzyň kompaniýalary we daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin ähmiýetlidigini bellemeli. Çünki ýurdumyzda gurluşyk ulgamyna ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Iri önümçilik kärhanalarynyň taslamalary, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy amala aşyrylýar. Gurluşyk ulgamyna giň gerim berilmegi netijesinde, soňky ýyllarda Aşgabadyň bingärlik keşbi düýpgöter özgerdi. Ýurdumyzyň baş şäheriniň sebitiň merjeni diýlip atlandyrylmagy tötänden däldir. Ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde hem-de etraplardaky ilatly ýerlerde durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär.

Bu gezekki sergä 120-den gowrak kompaniýa gatnaşýar. Olaryň hatarynda dünýäniň 16 döwletinden daşary ýurt kompaniýalarynyň 90-a golaý bar. Olaryň ýaryndan gowragynyň Aşgabatda geçirilýän ykdysady sergä ilkinji gezek gatnaşýandygy sazlaşykly ösüş ýoluna düşen türkmen bazarynda netijeli hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu gezekki gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň hatarynda ýurdumyz bilen öňden gatnaşyk edýän hyzmatdaşlaryň bardygy bellärliklidir. Olaryň hatarynda Türkiýeden, Awstriýadan, BAE-den, Eýrandan, Russiýadan, Gazagystandan, Germaniýadan, Polşadan, Wengriýadan, Belarusdan, Ýaponiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Ispaniýadan, Ukrainadan we Fransiýadan gelen kompaniýalar bar.

Türkmenistandan bu foruma gatnaşýan guramalaryň we kompaniýalaryň sany 30-a golaýdyr. Olar ugurdaş pudaklaryň düzümine girýän edaralardan we hususy şereketlerden ybaratdyr. Ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda işewürlik pudagynyň orny ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Diýarymyzda amala aşyrylýan döwlet syýasaty netijesinde, telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Ýaýbaňlandyrylan özgermeleriň çäklerinde ýurdumyzda netijeli iş alyp barmak üçin oňaýly şertler üpjün edilýär.

Giň möçberli serginiň çäklerinde geljegi uly maýa goýum taslamalary görkezildi we ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň degişli  teklipleri öňe sürüldi. Bu ýerde binagärlik we gurluşyk pudagynda iň täze işläp  taýýarlamalar hem-de tehnologiýalar görkezildi. Olaryň hatarynda ýol gurluşygyna degişli täze tehnologiýalar, usullar, dürli tehnikalar we ýöriteleşdirilen enjamlar bar. Bölümleriň köpüsinde paýtagtymyzyň geljekki ösüş ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän diwarlyklar ýerleşdirilipdir. Bu gün ýurdumyzyň şäherleri we obalary sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Şunda Türkmenistanda täzeçil tehnologiýalara we usullara aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwrebap tehnolgiýalaryň ulanylmagyna hem-de öňdebaryjy tejribeleriň alşylmagyna bagyşlanan “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahata öňdebaryjy kompaniýalaryň ugurdaş düzümleriniň bilermenleri we wekilleri gatnaşdy. Dünýäniň onlarça ýurdunyň wekilleriniň eden çykyşlary bu ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesine bagyşlanyldy. Ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda işleýän kärhanalaryň we düzümleriň 21-siniň wekilleriniň çykyşlarynda gurluşyk pudagynyň gazanan üstünlikleri, ýeten derejesi barada gürrüň berildi.

Binagärlik we gurluşyk babatda netijeli gepleşikler üçin oňat mümkinçilige öwrülen ykdysady gözden geçiriliş täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýar hem-de geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde iň döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna giň ýol açar. Sergi 29-njy awgusta çenli dowam eder.



Degişli Habarlar