Kipr gepleşikleriniň ikinji tapgyry başlady

DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy bu tapgyrda gazanyljak ylalaşyklara görä Nýu-Ýorkda BMG-nin baş sekretary bilen duşuşmagy we 5 taraplaýyn maslahat boýunça taýarlyklar başlamagy nazarda tutýandyklaryny aýtdy

557755
Kipr gepleşikleriniň ikinji tapgyry başlady

Depgini güýçlendirilen gepleşikleriň ikinji tapgyry liderleriň duşuşygy bilen başlady. Prezident Mustafa Akynjy bilen Kipriň grek böleginin lideri Nikos Anastasiadis BMG-niň gözegçiligindäki ara zolakda duşuşdylar.

Üç sagada golaý dowam eden duşuşykdan soň metbugata beýanat beren Prezident Akynjy, täze tapgyryň ileri tutulýan ugurlary seljerendiklerini aýtdy.

Maksatlarynyn bar bolan düşnüşmezlikleri azaltmakdan ybaratdygyny nygtan Akynjy, çözgüt üçin iňňän möhüm tapgyryň başlandyğyny mälim etdi.

Akynjynyn beren maglumatyna görä tapgyryň tamamlanmagyndan son bilelikde beýanat berililmegi gün tertibine geler.

Bu tapgyrda howpsyzlyk, hemaýatlar, ýer ýaly iň çekeleşikli ugurlar seljeriler we gazanyljak ylalaşyklar çözgüt üçin kesgitleýji bolar.



Degişli Habarlar