Berdimuhamedow Erdogana Gynanç Hatyny Ugratdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gaziantep şäherinde bolup geçen terrorçylykly waka zerarly Prezident R.T.Erdogana gynanç hatyny ugratdy

556690
Berdimuhamedow Erdogana Gynanç Hatyny Ugratdy

Gurbanguly Berdimuhamedowyň gynanç hatynda şeyle diýilýär:

“Siziň Alyhezretiňiz,

Gadyrly doganym,

Gaziantep şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly, meniň gynanjymy kabul ediň.

Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar.

Şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna meniň ýürekden gynanjymy hem-de medet beriji sözlerimi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,”



Degişli Habarlar