Mustafa Akynjy Nikos Anastasiadis bilen duşuşdy

DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen ýaňadandan duşuşdy

540519
Mustafa Akynjy Nikos Anastasiadis bilen duşuşdy

BMG-nyň gözegçiligi astyndaky ara zolakda bolan duşuşyk takmynan 3 sagat dowam etdi.

Mustafa Akynjy duşuşykdan soň beren beýanatynda gepleşiklerde wajyp öňe gidişlikleriň edilendigini mälim etdi.

Akynjy şu günki güne çenli hiç ara alynyp maslahatlaşylmadyk toprak we howpsyzlyk meselelerini ilkinji gezek ele alandyklaryny belledi.

Awgust we sentýabr aýynda geçiriljek duşuşyklaryň senesi barada hem ylalaşygyň gazanylandygyny aýdan Mustafa Akynjy 2 aýda jemi 7 duşuşygyň geçiriljekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar